- eltilmek
- işlik1) Bir ýere alyp barylmak, äkidilmek, gowşurylmak.∙ Öňki eltilen otuň, çopanlaryň özleriniň taýýarlanja seliniň gutaryp barýandygyny men baryp öz gözüm bilen görmesem hem bilýän. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Biziň eltilen günümiziň ertesi han gelip aýlandy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)2) Bir zada sezewar edilmek, duşurylmak, uçradylmak, duçar edilmek.3) Goýberilmek, ýakynlaşdyrylmak, ýakynyna bardyrylmak.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.